Hamd Älemleriñ Robbi bolan Allaha bolsun. Salat we Salam äleme rähmet edilip gylyç bilen ugradylan Muhammet Sallallahu aleýhu wa selleme bolsun.
Iň gymmat miras
Her bir adam ogly ene-atasyndan uly mirasa eýe bolsa, özlerini dünýewi adamlaryň arasynda beýik bir bagta ýetenlerden hasaplaýarlar.
Adamzadyň yaradylyş maksadyna seredinimizde beýle miraslara eýe bolmaklyk, bagtdan hasaplanýarmy?
Alla tagala taryhda baý bolup geçen adamlaryň kyssasyny Kuranda beýan edýär. Olar geçmişde ýer ýüzüniň baýlyklarynyň eýeleridi. Älemleriň Robby bolan Alla tagala, olary bu dünýäde betbagt we ahyrýetde-de dowzah ählindendigini agzap geçdi. Şu güne çenli hem olar lä'net bilen gargyşlanylyp gelinýär we bu kyýamat gününe çenli hem beýle bolmaklygyna galar. Fir'awun ýer ýüzüniň ýarysynyň eýesidi. Alla tagala ony güýçli ezýet çekiji azap bilen heläk etdi. Heläk bolmagyna sebäb bolan zat, ol hem Älemleriň Robby tarapyndan ugradylan pygambere boýun bolup eýermesizligidir. Edil şonuň ýaly hem Nemrut, dünýä baýlyklarynyň eýesidi. Ol hem hak bilen ugradylan Pygambere boýun bolmadyklygy sebäpli Alla tagalanyň gargyşyna sezewar boldy.
Geliň indi bizem öz halymyza seredip göreliň!!!
Biziň dünýäde gazanjak mirasymyz Allanyň lä'neti siňen Fir'awun, Nemrut ýa-da şoňa meňzeşleriň mirasynamy, ýa bolmasa Allanyň razy bolan gullarynyň gazanan mirasyna meňzeýärmi!?
Eýesini hakyky bagta ýetirjek mirasyň nämedigini Allah Resulynyň ýoldaşy we sahabasy Abdullah ibn Mes'ud aýtdy: "Kim Allanyň Resulynyň mirasyny okap, öwrenip oňa iki gözleri bilen seredesi gelse, onda şu aýatlary okasyn" diýdi:
قُلْ تَعَالَوْا اَتْلُ مَا حَرَّمَ رَبُّكُمْ عَلَيْكُمْ اَلَّا تُشْرِكُوا بِه۪ شَيْـٔاًۜ وَبِالْوَالِدَيْنِ اِحْسَاناًۚ وَلَا تَقْتُلُٓوا اَوْلَادَكُمْ مِنْ اِمْلَاقٍۜ نَحْنُ نَرْزُقُكُمْ وَاِيَّاهُمْۚ وَلَا تَقْرَبُوا الْفَوَاحِشَ مَا ظَهَرَ مِنْهَا وَمَا بَطَنَۚ وَلَا تَقْتُلُوا النَّفْسَ الَّت۪ي حَرَّمَ اللّٰهُ اِلَّا بِالْحَقِّۜ ذٰلِكُمْ وَصّٰيكُمْ بِه۪ لَعَلَّكُمْ تَعْقِلُونَ
وَلَا تَقْرَبُوا مَالَ الْيَت۪يمِ اِلَّا بِالَّت۪ي هِيَ اَحْسَنُ حَتّٰى يَبْلُغَ اَشُدَّهُۚ وَاَوْفُوا الْكَيْلَ وَالْم۪يزَانَ بِالْقِسْطِۚ لَا نُكَلِّفُ نَفْساً اِلَّا وُسْعَهَا وَاِذَا قُلْتُمْ فَاعْدِلُوا وَلَوْ كَانَ ذَا قُرْبٰىۚ وَبِعَهْدِ اللّٰهِ اَوْفُواۜ ذٰلِكُمْ وَصّٰيكُمْ بِه۪ لَعَلَّكُمْ تَذَكَّرُونَۙ
وَاَنَّ هٰذَا صِرَاط۪ي مُسْتَق۪يماً فَاتَّبِعُوهُۚ وَلَا تَتَّبِعُوا السُّبُلَ فَتَفَرَّقَ بِكُمْ عَنْ سَب۪يلِه۪ۜ ذٰلِكُمْ وَصّٰيكُمْ بِه۪ لَعَلَّكُمْ تَتَّقُونَ
Aýt: «Geliň‚ men size Robbuňuzuň nämeleri haram edendigini okap bereýin: Oňa hiç zady şärik goşmaň‚ ene-ata ýagşylyk ediň‚ mätäçlik duýgusy (gorkusy) bilen çagalaryňyzy öldürmäň. Çünki siziň hem‚ olaryň hem rysgalyny beren Bizdiris! Erbetlikleriň äşgärine-de‚ gizlinine-de golaýlaşmaň! Allanyň haram eden janyna (musulmana) haksyz ýere kast edip öldürmäň ! Ine‚ akyl ýetirersiňiz diýip‚ Alla size şulary emir edýär».
Kämillik ýaşyna ýetýänçä ýetimiň emlägini iň gowy şekilde goraň! Ölçegi‚ çekimi doly we dürs çekiň! Biz hiç kime güýjüniň ýetýäninden artygyny ýüklemeýäris (buýurmaýarys) . (Bir söz) sözläniňizde‚ ol garyndaşyňyzam bolsa‚ diňe dogry sözleri (adalaty) sözläň! Alla beren ähti-wadaňyza (lä ilähä illallah şaýatlygyňyza) wepaly boluň! Alla bulary siziň pikirlenmegiňiz üçin emir etdi.
Takyk, bu (yslam) Meniň dogry ýolumdyr. Bes, siz (diňe) oňa uýuň, başga (ters) ýollara uýmaň, (ters ýollar) sizi (Allanyň ýolundan) daş eder. Alla bulary siziň erbetliklerden saklanmagyňyz üçin emir etdi.
Hemme adyllygyň eýesi bolan Alla tagala adam ogluna Robbunuň hakynda we adamlaryň öz aralaryndaky gatnaşyklar hakynda şu hili gatnaşmaklygy öwredýär. Sebäbi seni ýokdan bar eden, saňa nämäniň haýr, nämäniň şerligini adam oglunuň özünden has gowy bilýändir.
Iň uly miras Allanyň razylygy we jennetidir. Alla tagala aýatlary bilen bize bu mirasa,ýagny dünýede musulman bolup, ahyrýetde-de jennet ählinden bolmak ýaly bu baýlyklara nähili eýe bolmaklygymyzy öwredýär. Aýatlaryň içindäki oňa eltýän ýol açyk-aýdyňdyr. Olaryň käbirleri Alla tagala ybadatda hiç bir zady şirk goşmazlyk, hajatyňda, dogada, nezri-niýazyňda, ene-ata bilen gowy gatnaşykda bolmaklygyňy, äşgär we gizlin bolan günälerden daş bolmaklygy(zyna,haram iýmek, ölçegde adamlaryň hakyny degmek , ogurlyk , ýalan söz), garyndaşlaryň bilen adyl bolup nahili gatnaşyk etmeklik. Bu zatlaryň ählisi adamlaryň durmuşuny gözelleşdirjek, iki dünýäsinde bagta ýetirjek esbaplaryny öwredýär. Aýatyň ahyrynda Alla tagala aýdýar "Bu Muhammet (s.a.w)iň hak, dogry bolan ýoly, oňa eýermekligi farz-wajyp etdi. Ondan başga ýollaryňam azgynlyk we Allanyň gazabyna eltjek ýollardyr.
Bu haka eýerýänleň hakyndaky buşlukly habar we haka, ýagny Kurana we Sünnete eýermeýänleri Alla tagala Ýunus süresiniň 7-nji we 8-nji aýatlarynda ýazgaryp şeýle diýýär:
إِنَّ الَّذِينَ لَا يَرْجُونَ لِقَاءَنَا وَرَضُوا بِالْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَاطْمَأَنُّوا بِهَا وَالَّذِينَ هُمْ عَنْ آيَاتِنَا غَافِلُونَ
أُوْلَئِكَ مَأْوَاهُمْ النَّارُ بِمَا كَانُوا يَكْسِبُونَ
Elbetde, Bize duşmak islemeýänler(käfir bolanlar) hem-de (bu) dünýä ýaşaýşyna razy bolup, şoňada arkaýyn bolanlar(geçiji pany dünýa), biziň aýatlarymyzdan gapyl bolan kişilerdir. Olaryň ahyrky barjak ýeri etmişleri üçin dowzah odudyr.
Sözümiziň soňunda bizi we sizi ey türkmen dogan, Allanyň we Resulynyň mirasdüşerlerinden etmekligini, bir Özüne ybadat edilýän we bir Özü dogalary kabul edýän Alla tagaladan dileýäris.