Hamd Älemleriň Robby bolan Allaha hamdlar bolsun salat we salam äleme rähmet edilip gylyç bilen ugradylan Muhammet sallallahu aleýhu wa selleme bolsun.
Şeýh Röwşen aga
Allany ybadatda birleýän hakyky musulmanlar bilen Müşrikdir, Käfirleriň arasyny tapawutlandyryjy Hakyky Yslam
.Şeýh Muhammet ibn Abdulwähhäb –rahymahulla-(Alla tagala oňa rehmet etsin ) Yslam dinini düşindirende şeýle diýen : "Ol (ýagny,Yslam dini ) özüňi doly şekilde Alla tagala tabşyrmak ,we oňa her-bir tagatdyr-ybadatda boýun bolmak,we Şirk we onuň ähli bolan Müşriklerden saplanmakdyr."
(Ad-düreras-siniýýäfil-äjwibätian –nejdiýýä -1/129).We ýene-de Şeýh rahymahulla şeýle diýen :" Yslam dininiň asyl kada-kanuny iki zatda jemlenendir :Birinjisi:Adamlary bir Alla tagala ybadat etmeklige we ybadatda oňa hiç-bir zady şärik goşmasyzlyga çagyrmakdyr,we şol çakylygy kabul eden adamyny Allanyň razylygy üçin söýmekdir,we şol çakylygy kabul etmedige (ýagny, Alla tagalany ybadatda birlemän oňa şärik goşan adama )Käfir diýip höküm bermekdir!Ikinjisi: Adamlary edýän ybadatlarynda , bir Allaha başga bir zady şärik goşmaklykdan şol adamlary ägälendirmekdir,we gatylyk bilen gaýtarmak , we şol zat üçin olara garşy başaranyňa görä duşmançylyk etmekdir,we şony eden adama (ýagny ybadatda Allaha şärik goşana) Käfir diýip höküm bermekdir!" (Ad-dürer as-siniýýä-2/152)We Şeýh Süleýman ibn Abdullah ibn Muhammet ibn Abdulwähhäb-rahymahumullah- şeýle diýen :"Musulman kim? Ol kimde-kim iki şaýatlygy (ýagny Lä ilähe illallah we Muhammeder-resulullahy)kalby bilen ykrar edip we dili bilen diýip , we şol iki şaýatlygyň talap edýän zatlaryna görä amal edip, we Yslam dinini bozujy zatlaryň haýsy-da bolsa birini etmedik adamdyr. Ana ,şol adam Yslam Selef-Alymlarynyň hemmesiniň bir agyzdan goldan musulman adamydyr" .(ýagny, al-ijmag as-selef).We Şeýh Abdur-rahman ibn Hasan ibn Muhammed ibn Abdulwähhab –rahymahumullah- şeýle diýen :" Hiç bir adamyň Yslam dini dürs-dogry bolmaýar megerem ,diňe kelimeýi-şahadatyň(Lä ilähe illallah we Muhammeder-resulullahyň)manysyna dogry düşünip ,ol kelimeýi-şahadatyň talap edýän zatlaryna görä amal etse, ýagny edyän ybadatynda şirk etmän bir Allaň razylygy üçin etse,we şirkden we şol şirki eden adamdan saplansa, we oňa garşy ýagdaýyna görä duşmançylyk etse, we edýän ybadatlaryny yhlas bilen diňe bir Allanyň razylygy üçin edip, we oňa hiç bir zady şärik etmese, we şony edýän adamyny Allaň razylygy üçin söýse, ana şol adamyň Yslam dini dürs-dogrydyr".(Mejmug ar-Rosail wel-mesäil-5/547)We Abdullah we Ibrohim ibnä Abdullatyf ,we Süleýman ibn Sahman –rahymahumullah-(ALLA tagala olaryň baryna rehmet etsin) şeýle diýenler:"Alla tagalanyň kerim bolan hemme pygamberleriniň hakyky yslamy şu aşakdaky zatlarda jemlenendir : ýagny, edilýän tagat- ybadatlary diňe bir Allaň razylygy üçin edip , Oňa hiç-bir zady şärik goşmazlykdyr, we hemme ybadatlary yhlas bilen diňe bir Allaň razylygy üçin etmekdir, ol ybadatlary hiç bir mahlugy şärik tutmasyzdan diňe bir Allanyň razylygy üçin etmekligi wäjipdir.We Alla tagala özüni nähili gözel at we sypat bilen sypatlandyran bolsa, şoňa görä sypatlandyrmakdyr.We kimde-kim şol pygamberleriň getiren dagwatlaryna garşy gitse , we ony ýalan saýsa , ana ol adam azaşan käfirdir . Hatda ol özüni musulman hasap etsede , we Lä ilähe illällah diýsede käfirdir . Sebäbi onuň Şirk etmekligi , onuň aýdan kelimeýi-şahadatyny (Lä ilähe illallahy) batyla çykarýar. We oňa Lä ilähe illallah diýmekligi hem hiç-hili peýda bermeýär. Sebäbi ol gürleýän zadyna görä amal etmedi ,we gürleýän zadynyň delalat edýän dogry manysyna ygtykat etmedi."(Akyda al-muwahhidin-451 s.)We Ishak ibn Abdurrahman ibn Hasan –rahymahullah-şeýle diýen:"Muhammet ibn Abdulwähhäb şeýle diýýär:"Kimde-kim diňe kelimeýi şahadaty getiren bolsa , we onuň dürs manysyna düşünmedik bolsa ,hem-de onuň talap edýän zatlaryna görä , amal etmedik bolsa ,ana olar ýaly adam Musulman bolmaýar."(Ad-dürer as-siniýýä-1/522-523).We Muhammet ibn Ibrohim ibn Abdullatyf-(öz wagtynda Saud-Arabystanyň müftüsi bolan) , Alla oňa rehmet etsin şeýle diýen :"Çünki, Adamlaryň köp bölegi özlerini yslama ýöňkeýärler, we kelimeýi –şahadaty aýdýarlar , we Yslamyň aýdyň-belli rükünlerini berjaý edýärler,we şol agzalan zatlary edýän adama musulman diýip höküm berilmegi ýeterlik däldir, we olaryň çalýan damaklary halal däldir . Sebäbi olar Alla tagala ybadatda şärik goşýarlar, ýagny, doga-dileg ybadatlarynda Alla tagaladan gaýry pygamberdir-öwlüýä ,salih adamlary şärik goşýarlar,we gyssananlarynda Alladan gaýra , olara sygynýarlar,ýagny bu zatlar Adamyň Yslamdan çykyp Mürted (Käfir ) bolmaklygynyň sebäplerindendir . We bu özlerini yslama ýöňkeýänleriň , hakyky musulmanlardan aratapawudydyr ,Kuran we sünnet , we Yslam-Selef Alymlarynyň bir agyzdan goldamaklary tarapyndan (Al-Ijmag as-selef)delilli belli zatdyr." (Akydatul-muwahhidin-392s.)Hormatly okyjy ! Netije-de ýagny, kimde-kim kelimeýi-şahadaty (Lä ilähe illallah we Muhammeder-resulullahy) aýdyp, we onuň dogry manysyna düşünmese, we bu kelimeýi-şahadatyň talap edýän zatlaryna görä dürs-dogry amal etmese,Ol adam Musulman DÄLDIR !Megerem , Musulman kişi – ol kelimeýi-şahadaty getirip, we onuň dürs manysyna düşünip, we ol kelimeýi-şahadatyň talap edýän zatlaryna görä amal edip, we Yslamy bozujy zatlaryň haýsam bolsa, birini etmän saklanan adamdyr. Ana , şol adam Kuran we sünnetiň , we Yslam Ummatynyň Selef-Alymlarynyň barynyň bir agyzdan ylalaşylan meselesidir! (Ijmag al-ummatus-sefew)
Yslam dininiň dogry we kabul bolmaklygynyňşertleri!
Şeýh Muhammed ibn Abdulwähhäb-rahymahulla (Alla tagala oňa rehmet etsin)- şeýle diýýär :"Alla tagala saňa rehmet etsin ! Bil ! Çünki Alla tagalanyň razy boljak Hak dini bolan Yslam dini kabul bolmaýar . Megerem, birinjiden: kalbyňda ygtykat edilmegi buýurlan zatlary ygtykat etmek bilen, we söýülmegi buýurlan zatlary söýmek we ýigrenilmegi buýurlan zatlary ýigrenmek bilen dogry bolýar; we ikinjiden: diliň bilen aýtmaly sözleri aýtmak bilen, we aýtmasyz bolan dinden çykaryjy Uly Küfr sözleri aýtmasyzlyk bilen dogry bolýar; we üçünjiden: beden agzalaryň bilen Yslam dininde wäjip bolan rükünleri berjaý etmek bilen, we dinden çykaryjy bolan Uly Küfr amallary etmän saklanmak bilen Alla tagalanyň razy boljak hak bolan Yslam dini dogry we kabul bolýar. We haçan-da haýsy-da bolsa bir adamda şu üç agzalan zatlaryň haýsam bolsa biri tapylmasa, Käfir Mürted bolýar.We Kalb amalyna mysal: Kimde-kim bu köpçülikleýin adamlaryň dirilerden we ölülerden haýr we şer gelip bilýär diýip, ygtykat etmeklerini, we şol adamlaryň köpçüligini delil tutunyp, olaryňkam hakykat, dogrudyr onda, diýip içini gürletse, ýagny ygtykat etse, onda ol adam Käfir bolýar, we Pygamberimize (sallallahu aleýhi weselleme)iman etmän ony ýalançy saýdygy bolýar. We şol adam dili bilen olaryň amallaryny tassyklap hiç zat gürlemese-de, we özem edýän amallaryny diňe bir Allanyň razylygy üçin etse-de, (eden batyl ygtykady üçin) Ol Käfirdir; we edil ýene-de şolar ýaly eger-de ol adam "şol ölülerden we dirilerden haýr we şer gelip bilýär" diýýän adamlaryň Müşrikdikleri barada şeklense, we hakyň kim bilendigini bilmese, onda ol adam pygamberimizi (sallallahu aleýhi wesellemi) ýalançy saýmadygam bolsa, edil şolar ýaly oňa imanam etmedik saýylýar. We ol :" Alla tagalanyň Hakyň kim bilendigini beýan etmegine umyt edýärin" diýýän bolsa, we özem şol gabyrlara çokunýanlaryň Käfirligi barada şeklenýän bolsa, onda ol Mürted (Käfirdir). Dili bilen diňe Töwhid (Allany birlemek) barada gürleýän bolsa-da Käfirdir !We Dil amalyna mysal: Kimde-kim Haka iman etse, we ony söýse, we batyly inkär etse,we ony ýigrense, Ýöne käbir batylda bolan taýpalaryň haýsam bolsa birine, olardan şer-ýamanlyk geläýmesin diýip gorkup, olara gowy görünjek bolup, olaryň batylyny öwüp äşgär olara hat ýazyp ugratsa, ýa-da özüniň hakdan gaýdanlygy barada aýtsa, we ol şol halda özüni olara garşy mekirlidir diýip saýar, we kalby iman bilen doludyr öýder we onuň bu edýän amallary onuň kalbyndaky imanyna hiç-hili zeper ýetirmez diýip saýar. Çünki bu zatlar onuň Şeýtana aldanmaklygynyň sebäbidir. We onuň haly şu Alla tagalanyň aýdan sözüniň aşagyna girýär, ýagny:"Allanyň gazaby oňa iman edip, soňra Käfir bolanlaryň üstüne düşýändir. megerem, diňe zorluk astynda Uly Küfr etdirilene, we kalbam imandan doly bolana, (ana, oňa eden küfri üçin hiç-hili